четверг, 4 декабря 2008 г.

gelejem bilen sohbetdeslik


Saglyk sapagyndaky öý işlerimiziň birsi, durmuş barada interwýu almakdy. Men interwýuny öz ýakynda toý eden agamyň gelininden aldym. Olaryň toý edenine 3 aýdan geçdi, we bu söhbetdeşlik meniň üçin örän gyzykly geçdi:

Men: Näme uçin şu adama durmuşa çykdyňyz?
Geleje: Sebäbi,her bir gyz öz şazadasy barada arzuw edýär. Men hem şeýle arzuw edýärdim. Adamym bilen ilki tanşanda her hili ýagdaýda düşüner, meni söýer, maşgalany gowy eklär diyip oýladym. Ol maňa yssy görünyärdi. Men ony söýen ekenim. Men agzybir maşgala gurarys diýip durmuşa çykdym. Men ýalňyşmandyryn.
Men: Häzir saňa durmuşyň manysy näme?
Geleje: Häzir maňa söýgüniň manysy perzent(çaga)
Men: Seniň uçin gowy oglanyň nähili häsiýetleri bolmaly? Näme üçin
Geleje: Meniň üçin gowy oglanyň adamkärçiligi, özüni alyp barşy, özüne seredişi häsiýetleri bolmaly. Sebäbi bu häsiýetler her bir oglana gereklidir diýip pikir edýärin
Men: Eger sen täzeden durmuşa çyksaň näme ederdiň?
Geleje: Men ol barada aýdasym gelenok.
Men: Seniň maňa durmuşa çykmak barada berjek maslahatyň?
Geleje: Durmuş ýan ýoldaşyňy hemme tarapdan tanamaly. Oglanyň baýlygyna, owadanlygyna gyzmaly däl!

Комментариев нет: